• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
“Asuda akym” Lebapda mineral, sintetiki ýaglaryny öndürýän kärhanany işe girizdi

    Mart.15.2024

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Asuda akym” hojalyk jemgyýeti çarşenbe güni Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň “Abadan” obasynda awtoulaglar we beýleki tehnikalar üçin niýetlenen “Şir ýag” haryt nyşanly mineral we sintetiki ýaglaryny öndürýän kärhanany işe girizdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, 30 müň inedördül meýdandan gowrak ýerde ýerleşýän täze önümçilik kärhanasynda jemi alty toparda mineral we sintetiki ýaglaryň önümçiligi ýola goýuldy.

Bu kärhana önüm öndürmek üçin esasy çig maly Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, şeýle hem önümçilige zerur bolan himiki serişdeleri daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalaryndan özara hyzmatdaşlyk esasynda getirýär.

Häzirki wagtda täze kärhanada mineral we sintetiki ýaglaryň 25 görnüşi öndürilip, geljekde onuň sanyny 50-ä ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Hojalyk jemgyýetiniň täze önümhanasynda öndürilýän önümler kärhananyň özünde önümçiligi ýola goýlan 1, 5 we 20 litr göwrümli plastik gaplara, şeýle hem 200 litr göwrümi bolan demir çeleklere gaplanylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, täze önümçiligiň bir günde 80 tonna, bir ýylyň dowamynda bolsa, 20 müň tonna önüm öndürmäge mümkinçiligi bar.

Şeýle hem kärhanada Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we beýleki ösen döwletleriň belli kompaniýalarynyň tehnologiýalary ornaşdyrylan kämil barlaghana hereket edýär.