• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanda senagat taýdan ähmiýetli bolan kükürtsiz gaz akymlary alyndy

    Mart.17.2024

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň degişli känlerinde ulanyş-baha beriş guýulary gazylyp, senagat taýdan ähmiýetli bolan kükürtsiz gaz akymlarynyň alynandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin, ilkinji nobatda, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Şeýle hem Batyr Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan geljek ýyllarda hem nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna gaz känlerinde gysga wagtda tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda Türkmenistanda elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary öndürmäge ýöriteleşdirilen “Üznüksiz çeşme” hojalyk jemgyýetini döretmek meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy.