• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Aşgabatda täze «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi açyldy

    Mart.18.2024

17-nji martda Aşgabatda Magtymguly şaýolunda işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi açyldy.

Jemi 4,7 gektar çäkde ýerleşýän işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi birnäçe köpugurly desgalary hem-de merkezde ýerleşýän 3 gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny özünde jemleýär. Bu desgalar häzirki zaman inžener-tehniki çözgütlere laýyklykda hem-de ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleriň binýadynda gurlup ulanmaga berildi.

Toplumyň çäginde ýerleşýän 55 müň 377 inedördül meýdany bolan söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, şol sanda harytlaryň we hyzmatlaryň giň görnüşlerini hödürleýän supermarket bar. Bu ýerde alyjylaryň ygtyýaryna köpsanly dürli dükanlardan başga-da, oýun meýdançalary, kinozal, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherçesi, restoran we kafe, şeýle hem Toý mekany we beýlekiler hödürlenilýär.