• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistan-Italiýa: deňiz we demir ýol ulagy pudaklarynda ähtnamalar baglaşyldy

    Mart.21.2024

Türkmenistan we Italiýa Tirren deňziniň merkezi böleginiň Port dolandyryş müdirligi hem-de Italiýanyň “Rete Ferroviaria Italiana” (RFI) demir ýol tory bilen özara düşünişmek hakynda iki sany Ähtnama baglaşdy. Bu barada Italiýanyň Infrastruktura we ulag ministrligi çarşenbe güni habar berdi.

Degişli resminamalara Rim şäherinde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Italiýanyň infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwini bilen bolan duşuşygynyň dowamynda gol çekildi.

Habarda bellenişine görä, bu ähtnamalar Italiýanyň Neapol, Salerno, Kastelammare-di-Stabiýa portlarynyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, deňiz aragatnaşygyny hem-de demir ýol infrastrukturasy we intermodal geçelgeler pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilendir.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow we “RFI” (Rete Ferroviaria Italiana) kompaniýasynyň prezidenti Dario Lo Bosko, kompaniýanyň Baş direktory Janpýero Strişulo hem-de Italiýa Respublikasynyň infrastruktura we ulag ministriniň orunbasary Eduardo Riksi özara duşuşyk geçirip, ýokary tizlikli demir ýollary gurmak pudagynda türkmen we italýan kompaniýalarynyň arasynda tejribe alyşmak meselelerini maslahatlaşdylar.

“RFI” Italiýanyň demir ýol torunyň dolandyryjysy bolup, ol demir ýollarda habar beriji, hyzmat ediji we beýleki hyzmatlary hödürleýär. Kompaniýa Italiýa boýunça 16 müň 800 kilometrden gowrak demir ýoly we 2 müňden gowrak menzili dolandyrýar.