• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady

    Mart.19.2024

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Wladimir Putine saýlawlarda gazanan ýeňşi we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

– Bu wezipä gaýtadan saýlanmagyňyz Size bildirilen ýokary ynamyň we ýurduňyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryňyzyň görkezijisi bolup durýar. Siziň ýolbaşçylygyňyzda ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine, şeýle hem Russiýanyň ähli halkynyň öňe gitjekdigine we abadançylygynyň üpjün ediljekdigine ynanýaryn.

Siziň ukyp-başarnygyňyz we baý syýasy tejribäňiz Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge hyzmat eder.

Biziň ýurtlarymyzyň örän giň ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyny we ysnyşykly özara gatnaşyklaryny aýdyň görkezýän ikitaraplaýyn türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek guwandyryjydyr. Biz Türkmenistanda iktaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris we halklarymyzyň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça bilelikdäki netijeli işlerimizi dowam etdirmäge taýýardygymyzy beýan edýäris – diýlip, hatda bellenilýär.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine berk jan saglyk, abadançylyk we Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkynyň parahatçylygynyň, öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.