• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty Halkara internet olimpiadasyna çagyrýar

    Mart.28.2024

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2024-nji ýylyň 29-njy martynda “Materiallaryň garşylygy” dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirer.

Olimpiada gatnaşmak üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar.

III Açyk halkara internet olimpiadasy şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilýär. Olimpiadanyň maksady döredijilik ukyplaryny görkezýän, teoretiki bilimleri, amaly endikleri ýokarlandyrýan we gözleg işlerine gyzyklanmany ösdürýän zehinli ýaşlary kesgitlemek bolup durýar. Olimpiadanyň iş dilleri, türkmen, rus we iňlis dilleri. Olimpiada onlaýn görnüşinde geçiriler.

Doly maglumat Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň https://tdbgi.edu.tm web sahypasynda, Olimpiadalary we ders bäsleşikleri bölüminde ýerleşdirilýär.

Olimpiada gatnaşyjylary hasaba almak, institutyň web sahypasyndaky https://tdbgi.edu.tm/Olimp.html şol bir salgyda 2024-nji ýylyň 28-nji martyna çenli amala aşyrylýar.

GURAMAÇYLYK KOMITETI:

Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty, Baba Annanow köçesi, Aşgabat şäheri, Türkmenistan.

Tel. (+99312) 28-18-05; (+993) 65 31-44-64; (+99365) 814482

E-poçta: amanovmerdan73@gmail.com tdbgiob@gmail.com