• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň sebitlerinde täze metjitler açyldy

    Aprel.06.2024

Mukaddes Remezan aýynyň mübärek Gadyr gijesiniň hormatyna, Türkmenistanyň sebitlerinde 4 sany täze metjit açyldy. Balkanabat şäheriniň kenarýaka Hazar şäherçesinde, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň merkezinde, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçesinde täze gurlan metjitler gapylaryny giňden açdy diýip, TDH ýazýar.

Täze açylan metjitler, degişlilikde, "Hazar metjidi", "Ruhubelent metjidi", "Jeýhun metjidi" we "Merw metjidi" diýlip atlandyryldy.

Häzirki zaman şäher gurluşygynyň, binagärlik sungatynyň täze tejribeleriniň milli ýörelgeler bilen utgaşdyrylmagynda gurlan metjitleriň gurluşyk işlerini türkmen hususy kärhanalarynyň işçi-hünärmenleri alyp bardylar.

Täze metjitlerde, şeýle-de ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde açylan "Seýit Jemaleddin metjidinde" agzaçar sadakalary berlip, Tarawa namazlary okaldy.