• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy Täjigistanyň çagalaryna sowgat berdi

    Aprel.05.2024

4-nji aprelde Duşenbe şäheriniň "Istiklol" lukmançylyk toplumynda dostlukly täjik halkynyň çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Sowgatlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, dokma önümleri, çaga eşikleri we konditer önümleri sowgat hökmünde ibermek hakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda iberildi.

Çärä Türkmenistanyň şu günler Duşenbe şäherinde bolýan Hökümet wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň resmi wekilleri gatnaşdylar. Sowgatlary gowşurmak dabarasynyň dowamynda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlary dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Bu ýerde çykyş eden täjik tarapynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Liderine täjik çagalaryna sowgat hökmünde berlen dokma hem-de konditer önümleri, egin-eşikler, derman we lukmançylyk serişdeleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.