• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Ulag ulgamynda täze ösüşler

    Aprel.19.2024

Häzirki zaman globallaşmak şertlerinde islendik ýurduň ykdysady ösüşini ulag-üstaşyr geçelgeler bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Harytlaryň içerkiwe dünýä bazarlarynda çalt ilerledilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýän kämil ulag ulgamynyň bolmagy bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen, ägirt uly ulag-üstaşyr taslamalaryny amala aşyrmak kuwwatyna eýedigini bellemelidiris.

Bu babatda hyzmatdaşlyk etmek ulag we logistika ulgamynyň has-da ösmegini şertlendirýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ulag ulgamyndaky özgertmeleriň halkara hyzmatdaşlygynyň köpugurly we netijeli bolmagynda öz beýanyny tapýar.

Gahryman Arkadagymyz Hazarüsti ulag geçelgeleriniň zerurlygyna We olaryň netijeliligine hem ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly içeri we daşary syýasaty, hemişelik bitaraplyk, ynsanperwerlik hem-de parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri, ulaglar hem-de aragatnaşyk pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşyklydygyny bellemek gerek.

Goý, şeýle döwletli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Taýýarlan: Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy F.Mowlýanowa