• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna sowgatlar gowşurylar

    Aprel.22.2024

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan weteranlara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer geljek nesilleriň parahat we bagtyýar durmuşyny goran uruş weteranlary barada Türkmenistanda hemmetaraplaýyn alada edilýändigini we olaryň saglygyny goramak hem-de dikeltmek boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow şu ýyl Ýeňiş baýramynyň şanyna baý many-mazmunly syýasy-jemgyýetçilik, medeni ähmiýetli çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belläp, uruş weteranlaryna dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul serişdeleriň, gymmat bahaly sowgatlaryň gowşuryljakdygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurtda zähmet çeken enelere 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, Ýeňiş güni bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.