• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Parižde TEIF 2024 halkara forumy öz işine başlady

    Aprel.25.2024

Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2024) çarşenbe güni Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara forumyň başlanmagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi. “Forumyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda aýtdy.

TEIF 2024 forumynda geljegiň ählumumy energetikasynda Türkmenistanyň eýeleýän orny, nebitgaz toplumynda täze açylýan maýa goýum mümkinçilikleri, uglewodorod serişdeleri gazylyp alnanda zyňyndylary azaltmak, düzümleýin taslamalara maýa goýumlary çekmek işini çaltlandyrmak meseleleri, arassa energetika pudagynda taslamalary ilerletmekde maliýe institutlaryň orny maslahatlaşylar.

Halkara forum Hazar deňzindäki uglewodorod baýlyklaryny özleşdirmek üçin daşary ýurt maýalaryny çekmegä, geljegi uly ýataklarda gazyp alyş işlerini utgaşdyrmaga, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmäge, TOPH gaz geçirijisini we täze gaz önümçilikleri gurmaga ünsi çeker. Metan zyňyndylaryny azaltmak meselelerine ýörite mejlis bagyşlanar. Şeýle-de gatnaşyjylar Türkmenistanyň gurluşyk we ulag toplumlaryndaky mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Şeýle hem Pariž şäherinde geçirilýän forumda Türkmenistanyň deňiz çägindäki 16, 21, 23 we 24-nji bloklara aýratyn üns berilip, türkmen känleriniň özleşdirilmegi üçin maýa goýumlaryny mundan beýläkde çekmek meseleleri boýunça pikir alşylar.

Forum “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we “GaffneyCline” britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma 300-e golaý wekiliýet gatnaşyp, ol “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we “GaffneyCline” britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy.