• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň Hytaýda geçen halkara olimpiadada gazanan üstünlikleri

    Maý.02.2024

Türkmenistanyň ýaş himiýaçylary 21–26-njy aprel aralygynda Hytaýyň Şençžen şäherindäki MDU-PPI rus–hytaý uniwersitetinde geçirilen himiýa boýunça 58-nji halkara Mendeleýew olimpiadasynda üýtgewsiz halypasy – paýtagtymyzdaky S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň himiýa mugallymy Nazar Mämmedowyň ýolbaşçylygynda üstünlik gazandy.

Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň dört okuwçydan ybarat bolan türkmen toparynyň her bir agzasy baýrak almak bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň netijeliligini tassyklady. Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçylary Şatlyk Batyrow, Aýgül Atajanowa, Jeren Akmyradowa we şol mekdep-internatyň 10-njy synp okuwçysy Rüstem Jumaýew dagy olimpiadada bürünç medal gazandylar.

Şu ýyl ýaş himiýaçylaryň bäsleşigine 26 ýurtdan 151 mekdep okuwçysynyň gatnaşmagy bu üstünligiň ähmiýetini görkezýär. Olimpiada gatnaşanlara berlen tabşyryklar, adatça, Bütindünýä himiýa olimpiadasynda berilýänlerden has kyn bolmak bilen, diňe nazary taýýarlygy däl, eýsem, toparlaýyn işlemek endigini we döredijilikli çemeleşmegi-de talap edýär.

Olimpiada üç tapgyrdan ybarat: iki nazary we bir amaly, onda türkmen mekdep okuwçylary çuňňur bilimlerini we amaly başarnyklaryny görkezdiler.

2024-nji ýylyň himiýa boýunça mekdep okuwçylary üçin halkara Mendeleýew olimpiadasy ilkinji gezek GDA-nyň çäginiň daşynda boldy we Dmitriý Mendeleýewiň doglan gününiň 190 ýyllygy hem Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirildi.