• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli halkara maslahatlar geçiriler

    Maý.12.2024

10-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Amannepesow ýurtda Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek halkara ylmy maslahatlara we çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 12-13-nji iýuny aralygynda ýurduň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraljak halkara ylmy maslahatyň çäklerinde ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem ýurduň alymlarynyň ylmy gazananlaryny dünýä ýaýmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler. Hususan-da, 8-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Ýaşyl” ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty, 12-nji iýunda bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda ylym ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Ylymlar güni mynasybetli guraljak «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» hem-de «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmegini tabşyrdy.

Şeýle hem wise-premýere Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Çeşme: TÜRKMENPORTAL