• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • deryachylyk_14@sanly.tm
Nowruz geldi ilime!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe eziz Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur-dabaralara beslenýär. Şeýle toý – dabaralaryň biri Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň “Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýasy” we “Buhgalterçilik hasaba alyşy we audit” hünärleriniň talyplary bilen Nowruz baýramy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Nowruz bu täze gün, täze başlangyç hem-de şatlygyň, gülküniň baýramy bolanlygy üçin , talyplarymyzyň şol sanda dabara gatnaşýan mugallymlaryň, myhmanlaryň ýüzleri şatlykdan dolup durmagy dabaranyň görküne görk goşdy. Dabarada aýdym-sazlar, degişme sahnalary, goşgudyr – gutlaglar, milli tansalar, daşary ýurt tanslary bilen zehinli talyplarymyz çykyş etdiler.

Bize ýaşamana, okamana döretmäne şeýle mümkinçilikleri döredip beren eziz Arkadagymyzyň , Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!