• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
“Türkmengaz”, Türkmenistanyň Energetika ministrligi we GIZ Ähtnama gol çekdiler

    Maý.16.2024

Türkmenistanyň Energetika ministrligi, “Türkmengaz” döwlet konserni we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sişenbe güni Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän forumyň çäklerinde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Resminama gol çekmeklik “2024–2028-nji ýyllarda Syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy hereketler” taslamasynyň çäginde geçirildi.

Forumyň mowzuklaýyn sessiýalarynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň ösüşi, howpsuzlyk, söwda, bilim, “ýaşyl” energiýa pudagyndaky özara gatnaşyklar we bu ugurlardaky maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşylar.

2011-nji ýylda esaslandyrylan GIZ Germaniýanyň Federal hökümetine degişli halkara ösüş agentligidir. Guramanyň merkezi Bonn we Eşborn şäherlerinde ýerleşýär we ol 130-dan gowrak ýurtda hereket edýär.

Habaryň çeşmesi