• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
2025: Aşgabatda Ýewraziýa patent guramasynyň dolandyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler

    Iýun.16.2024

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherinde senagat nusgalarynyň hukuk goragyna bagyşlanan sebitleýin maslahaty, 2025-nji ýylda bolsa Ýewraziýa patent guramasynyň dolandyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Ýewraziýa patent guramasynyň esasy resminamalarynyň biri bolan “Ýewraziýa patent Konwensiýasynyň senagat nusgalaryny goramak hakynda Teswirnamasyna” Türkmenistanyň goşulmagy baradaky teklibi hödürledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň abraýly halkara guramalarda, hususan-da, Ýewraziýa patent guramasynda wekilçiligini giňeltmek boýunça teklip beýan edildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany beýan edilen teklipleri goldady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine Ýewraziýa patent guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Habaryň çeşmesi

\