• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkiýeden Türkmenistana awtomobil ätiýaçlyk şaýlarynyň eksporty $9,9 milliona barabar boldy

    Iýun.18.2024

Türkiýeden Türkmenistana awtomobil ätiýaçlyk şaýlarynyň eksporty 2024-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 9,9 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkiýäniň Söwda ministrligine salgylanyp, “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Habara bellenilişi ýaly, diňe şu ýylyň maý aýynda Türkiýe Türkmenistana 2,6 million ABŞ dollaryna barabar bolan awtomobil senagatynyň önümlerini eksport etdi.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylda 2,5 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

Ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň agramly bölegini elektrik enjamlar, metal önümleri, senagat tehnikalary we ätiýaçlyk şaýlary hem-de önümçilik maksatly serişdeler düzýär.

Habaryň çeşmesi

\