• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Azerbaýjanda TDG-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçiriler

    Iýun.21.2024

Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde şu ýylyň iýul aýynda Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçiriler.

“Geljek aýda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Gurban baýramy mynasybetli ugradan gutlag hatynda belleýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem Kubanyçbek Omuraliýew bu sammitiň ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy we olaryň geljege bolan umumy garaýyşlaryny has-da pugtalandyrjakdygyny aýtdy.

TDG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gutlady we oňa rowaçlyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.

Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan TDG-nyň agzasy bolup, Türkmenistan, Wengriýa we Demirgazyk Kipr bu gurama synçy döwlet hökmünde goşuldy.

Habaryň çeşmesi