• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
BMGÖM we Türkmenistan döwlet bilim ulgamyny güýçlendirmek boýunça özara düşünişmek boýunça Ähtnama gol çekdi

    Iýun.24.2024

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we BMG-niň Ösüş maksatnamasy ýurdumyzyň bilim ulgamyny berkitmek we Durnukly ösüş işini öňe alyp barmak boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen, özara düşünişmek boýunça Ähtnama gol çekdi.

Resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi esasy ünsi howanyň üýtgemegine garşy göreş başlangyçlaryna goldaw we sagdyn durmuş ýörelgesine itergi bermäge gönükdirmek bilen döwlet bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge niýetlenendir. Ähtnamanyň çäginde Türkmenistanyň bilim ulgamyna sanly tehnologiýalar we innowasiýa çözgütleri giriziler.

BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan özara düşünişmek boýunça bu resminamanyň Türkmenistanda sanly bilimi we Durnukly ösüşi kämilleşdirmek ýolunda ädilen möhüm ädimdigini belledi. BMGÖM Türkmenistanyň hökümeti, ösüş hyzmatdaşlary we raýat jemgyýeti guramalary bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň milli ösüş meýilnamasyny öňe sürmäge saldamly goşant goşýar. BMGÖM bilimleri, halkara tejribäni, ösen tehnologiýalary we innowasiýa çözgütlerini ulanyp, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatynda Günüň tertibine ýetmek we Türkmenistanda parahatçylykly, giň gerimli we dowamly geljegi döretmäge goşant goşmak ugrunda iş alyp barýar.

Habaryň çeşmesi