• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Aşgabatda Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik güni bellenildi

    Iýul.16.2024

Aşgabatdaky Türk medeni merkezinde Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik güni bellenildi.

Bu möhüm sene, ýurduň erkinligini we konstitusion bütewiligini goramak üçin janlaryny pida eden Türkiýäniň raýatlarynyň hatyrasyna bellendi.

Dabaraly çärä Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, Türkmenistanyň we Türkiýäniň raýatlary, ýerli hem halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Resmi dabaradan soň, bu ýerde 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky wakalaryň dokumental suratlarynyň sergisi açyldy.

Habaryň çeşmesi