• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Gazagystan türkmen gazynyň Hytaýa geçirilýän mukdaryny artdyrar

    Iýul.18.2024

2024-nji ýylda Gazagystan türkmen hem-de özbek gazynyň Hytaýa geçýän mukdaryny 37,1 milliard kub metre çenli artdyrar. Munuň özi tebigy gazyň bu ýerden geçýän böleginiň 1,5 milliard kub metre çenli artdyryljakdygyny görkezýär. Bu barada 16-njy iýulda geçirilen Hökümetiň mejlisinde gaz pudagynyň ýeten sepgitleri hakynda çykyş eden Gazagystanyň energetika ministri Almasad Satkaliýewiň belläp geçdi

Onuň hasabatynda rus gazynyň Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna geçirilmegi baradaky maglumatlara hem giň orun berildi. Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň oktýabr aýynda rus gazyny Özbegistana tranzit etmek ýola goýlupdy.

Mundan başga-da, rus gazynyň Gyrgyzystana geçirilýän möçberini artdyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar.

Habaryň çeşmesi