• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň "Deňiz söwda floty" ýük daşalşynyň möçberini artdyrýar

    Awgust.06.2024

2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň dowamynda Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz gämilerinde 1 400 000 tonna ýüküň, 3 345 konteýnerleriň, 10 546 awtoulaglaryň daşalşyny amala aşyryp, görkezijilerini geçen ýylkydan ýokarlandyrdy. Bu barada paýdarlar jemgyýetiniň web sahypasynda habar berilýär. Diagrammanyň görkezijilerine laýyklykda, 100 müň tonna artyk ýük daşaldy.

Mundan başga-da “Balkan” gury ýük daşaýan gämi arkaly Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça yzygiderli halkara ýük daşalşy hem amala aşyrylýar.

“Deňiz söwda floty” paýdarlar jemgyýetiň öz içine 3000 tonna/44 konteýner ýeleşdirýän gury ýük daşaýan gamileri, nebit gämileri – 6000 tonna, awtoulag we ýolagçy paromlary – 54 ýük daşaýan awtoulaglary bolup, Hazar deňzinde dürli ugurlar boýunça daşary ýurt gämileriniň ýangyç bilen doldurmak we ýük daşalyş hyzmatlaryny hödürleýär.

Habaryň çeşmesi