• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi.

    Noýabr.14.2025

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Hirosi Sasaki bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, iki döwletiň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşinde halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň orny barada aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki döwletiň migrasiýa babatda hyzmatdaşlygynyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Habaryň çeşmesi