• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Aşgabatda Awstriýanyň wekilçilikli topary saparda bolýar.

    Noýabr.04.2025

Şu gün Awstriýa Respublikasynyň Aşgabatda saparda bolýan wekilçilikli toparynyň agzalary bilen Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Netijeli we işjeň häsiýetde geçen duşuşyklarda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, saglygy goraýyş we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi hem-de bu ugurdaky taslamalara garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Habaryň çeşmesi