
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynda Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban Abdelhalim Mohamed bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Diplomatik wekiliýetleriň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän möhüm halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar. Esasy üns iki ýurduň wekiliýetleriniň öňde duran meseleleri çözmekde özara hereket etmeginiň mümkinçiliklerine gönükdirildi.
Halkara guramalaryň saýlawly edaralaryna dalaşgärleri hödürlemekde özara goldaw bermek hakyndaky meselelere seredilende hyzmatdaşlyk etmek meselelerine aýratyn üns berildi.