
Prezident Serdar Berdimuhamedow Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltany Hajy Hassanal Bolkiaha Bruneý-Darussalam Döwletiniň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Soltan Hajy Hassanal Bolkiaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Bruneý-Darussalam Döwletiniň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.