
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullandy. Bu barada 20-nji fewralda sanly Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenildi.
TDH agentliginde habar berlişi ýaly, halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurduň bu gurama bilen gatnaşyklary syýasy, ykdysady, daşky gurşaw, ynsanperwer ugurlar boýunça alnyp barylýar. Bu meýilnama howpsuzlygy, parahatçylygy berkitmäge, durnukly ösüşi gazanmaga we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, gümrük, serhet, kiberhowpsuzlygy ýokarlandyrmaga, ykdysadyýeti we sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik howpsuzlygy berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegine, bilim-ylym ulgamlarynda, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, ýurduň demokratik institutlarynyň binýadyny pugtalandyrmakda, gender deňligini üpjün etmekde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmekde degişli çäreleriň geçirilmegine gönükdirilen birnäçe işleri öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda halkara guramalar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.