
2025-nji ýylda Türkmenistanda milli parlamentiň 4 maslahaty geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 27-si, Mejlisiň kararlarynyň 23-si kabul edildi. Bu barada giňişleýin Hökümet mejlisinde Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa hasabat berdi.
Kabul edilen kanunlaryň hatarynda:
«Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny»,
“Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”,
“Kazyýet hakynda”,
“Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”,
“Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”,
“Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”,
“Wirtual aktiwler hakynda”,
“Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”,
«Ýük markalary hakynda halkara konwensiýanyň degişli Teswirnamasyna goşulmak hakynda»,
“Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda”,
“1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar.
Şeýle hem ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk ulgamyny täze taryhy döwrüň talaplaryna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen hereket edýän käbir kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu üýtgetmeler jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, jenaýat-ýerine ýetiriş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, aragatnaşyk, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy ýaly kanunçylyk namalaryna degişlidir.
Hasabaty jemlemek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny kanagatlanmak bilen belledi we kabul edilen kanunlaryň Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etjekdigini nygtady – diýip, TDH agentligi habar berýär.