• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistan «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesindäki ornuny pugtalandyrýar

    Fewral.09.2024

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesi üçin ulag-logistika merkezleriniň sanly sanawyna girizmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýanwar aýynyň ahyrynda geçirilen GDA-nyň Ulag boýunça işewürlik dialogynyň ikinji mejlisiniň maglumatlarynda beýan edildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär. Infrastruktura sanawynyň Arkalaşyga agza döwletleriň Utgaşdyrylan ulag maslahatynyň saýtynda köpçülige elýeterli görnüşde ýerleşdiriljekdigi habar berilýär. Munuň özi Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrýan «Demirgazyk – Günorta» geçelgesinde logistika ugurlaryny we üpjünçilik zynjyrlaryny has netijeli ýola goýmaga mümkinçilik berer. Halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň strategiýasynda kesgitlenen üç esasy ugurdan ikisi ýurdumyzyň üstünden geçýär: Hazarüsti (Hazar deňziniň üstünden) we gündogar (Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden) ugurlary. Ýatlatsak, ozal «RŽD Logistika» kompaniýasynyň wekilleri we onuň baş direktory Dmitriý Murew Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip gördüler. Ol portuň infrastrukturasyna ýokary baha berdi we kompaniýanyň täze logistika çözgütlerini döretmek üçin onuň mümkinçiliklerinden peýdalanjakdygyny aýtdy. Dmitriý Murewiň pikiriçe, döwletiň ulag infrastrukturasy artýan ýük akymlaryny dolandyrmak üçin zerur talaplara laýyk gelýär we Türkmenistan «Gündogar – Günbatar» we «Demirgazyk – Günorta» ugurlarynda geljegiň möhüm ulag merkezine öwrülip biler.

Çeşme: Orient