• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Maşgalam – baş galam

    Fewral.09.2024

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde “Maşgalam – baş galam” ady bilen millilik, maşgala mukaddesligi barada talyp gyzlar bilen wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. Ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, her kim öz ornunda, öz maşgalasynda asudalygyň, agzybirligiň höküm sürmekligi ugrunda mynasyp goşant goşsalar maşgalanyň bagtyýarlygynyň çäksiz boljaklygynyň ikiuçsyzdygyny nygtap, kümüş saçly enelerimiz, döwlet edaralarynda zähmet çekýän bagtyýar zenanlarymyz, enäniň we çaganyň sagdyn bolmaklary ugrunda mynasyp zähmet üstünliklerini gazanýan lukmanlarymyz özleriniň çykyşlarynda ýaşlaryň durmuşda, maşgalada mynasyp orun almaklary üçin degerli maslahatlary berdiler. Goý, maşgalanyň mukaddesligini nesil terbiýesini hemişe belentde saklaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uak tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Taýýarlan: Türkmenabat şäherindäki derýaçlyk orta hünär okuw mekdebiniň medeni çäreler guramaçysy: A.Babanazarowa