• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Köýtendagyň täsinlikleriniň ekologik syýahatçylyk üçin ähmiýeti

    Aprel.20.2024

2024-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Lebap welaýaty, Türkmenabat şäher birleşmesiniň, etrap birleşmeleriniň gurnamagynda Köýtendaga gezelenç gurnaldy, Türkmenabat şäheriniň derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň medeni çäreler gurmaçysy, ilkinji ýaşlar gurmaçysynyň agzasy Ajap Babanazarowa gezelençlere gatnaşyldy. Dag ýerinde dagy, çöl ýerinde çöli, bol suwly deňizdir derýalary bilen adygan güneşli Diýarymyzyň ajaýyp tebigat dünýäsi özünde tebigy täsinlikleriň birnäçesini jemleýär. Türkmen tebigatynyň täsinliklere, gözelliklere baý künjekleriniň biri-de Köýtendagdyr. Gojaman Köýten özboluşly tebigy keşbi, özboluşly dereleri we jülgeleri bilen dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Köýtendagyň iň belent nokady Aýrybaba bolup, onuň beýikligi 3138 metre barabardyr. Dereleriň has owadany bolsa 600 metr peslikde ýerleşen Daraýderedir. Şonuň ýaly-da Köýtendagynda ösümlikleriň 989 görnüşi ösüp, şolaryň 10 göterimi diňe şu çäklerde duş gelinýän endemik görnüşlerden ybaratdyr. Biz ýaşlara medenýetli gezelenç etmäne, dynç almana giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsynymy aýdaryn. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Taýýarlan Türkmenabat şäherindäki derýaçlyk orta hünär okuw mekdebiniň medeni çäreler guramaçysy: A.Babanazarowa