• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň iň gowy mugallymy we terbiýeçisi yglan edildi

    Maý.04.2024

Aşgabatda ýurdumyzda Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan her ýyl geçirilýän "Ýylyň mugallymy" we "Ýylyň terbiýeçisi" bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Bu barada "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Bäsleşigiň final tapgyrynda iki günüň dowamynda ýurdumyzyň ähli sebitleriniň iň gowy pedagoglary we terbiýeçileri bäsleşdiler.

Bäsleşigiň jemleri boýunça "Ýylyň mugallymy - 2024" adyna Daşoguz şäheriniň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwrenmäge ýöriteleşdirilen №29 orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Jennet Annamämmedowa mynasyp boldy.

"Ýylyň terbiýeçisi - 2024" adyna Aşgabatdaky 103-nji çagalar bagyndan Güljahan Kuliýewa mynasyp boldy. Eminler onuň mekdebe çenli çagalary terbiýelemekde öňdebaryjy oýun usullaryna ýokary baha berdiler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Diplomlar we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.