• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • deryachylyk_14@sanly.tm
Ähli halk bag ekişlik.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşiniň nyşany hökmünde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabara halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, dessurlarymyza bolan ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Watanymyzda asylly däbe öwrülen ählihalk bag ekmek dabarasy her ýyl raýatlarymyzyň gatnaşmagynda uly baýramçylyk ruhunda geçirilýär.

Nowruz baýramynyň öň ýanynda — 18-nji martda türkmen halkynyň Bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň müňlerçesi, şol sanda Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary, işgärleri hem-de welaýatymyzyň dürli edaralarynyň işgärleriniň hemmesi döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, bag ekmäge girişdiler.

Şeýle-de bu ýerde ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg işleri edildi. Uly ruhubelentlikde geçirilýän ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy ýurdumyzyň dürli künjeginde giňden ýaýbaňlandyryldy.