• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýaş diplomatlarynyň 8-nji forumyna gatnaşýar

    Maý.22.2024

Türkmenistanyň wekili 2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Tatarstanyň paýtagty Kazanda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýaş diplomatlarynyň 8-nji forumyna gatnaşdy.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň ýaş diplomatlarynyň forumy Russiýanyň we Yslam ýurtlarynyň daşary işler ministrlikleriniň işjeň ýaş işgärleri, tanymal jemgyýetçilik we syýasy işgärleriň, hökümet işgärleriň we halkara gatnaşyklary pudagyndaky hünärmenleriň gatnaşmagynda özboluşly diskussiýa platformasydyr.

Forum 2016-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýär.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň ýaş diplomatlarynyň 8-nji forumy halkara gatnaşyklarynyň täze arhitekturasyny emele getirmek meselelerine bagyşlanan “Täze köp polýarly dünýäniň diplomatiýasy” mowzugy astynda geçirildi.

Taýýarlan: Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy A.Gubaýewa