• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda birnäçe duşuşyklary geçirdi

    Maý.19.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde peşenbe güni Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow, Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew, Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Grigoriý Karasin bilen aýratynlykda duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen geçirilen duşuşyk:

Duşuşygyň barşynda Konstantin Kosaçýow Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň ýyllyk mejlisinde öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Şunda oňyn başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň “Russiýa — Yslam dünýäsi” formatynyň çäklerindäki köpýyllyk döwletara gatnaşyklara täze itergi berjekdigi nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan tarapyndan şu formata gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli meýdançasy hökmünde garalýandygyny belledi.

Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen geçirilen duşuşyk:

Mintimer Şaýmiýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “KazanForum” halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren teklipleriniň, şol sanda Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny işläp taýýarlamak baradaky teklibiniň möhümdigine, onuň döwrüň talabydygyna ünsi çekdi. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda, hususan-da, nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, himiýa senagatynda, awiasiýa tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek ulgamynda netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, bar bolan ägirt uly kuwwaty açmak üçin ähli mümkinçilikleriň doly derejede ulanylmalydygyny aýtdylar.

Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Grigoriý Karasin bilen geçirilen duşuşyk:

Grigoriý Karasin Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara topary döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini, munuň iki dostlukly ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky netijeli dialogyň ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Kazan şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň ýyllyk mejlisine we “Russia Halal EXPO” sergisine gatnaşdy.

Habaryň çeşmesi