Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Köpetdagyň eteginde belent heýkel dikmek türkmeniň köňlünde göterip gelen arzuwdyr diýsek, ýerlikli bolardy. Bu arzuw Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns-aladasy bilen wysala gowuşdy. Özem Milli Liderimiz bu asylly işjeň badalga alaly bäri, ol ýerde gurluşyk işleriniň barşy bilen içgin gyzlyklanyp durdy. Medeni-seýilgäh toplumynyň binagärliginde ulanyljak gurluşyk serişdelerinden başlap,ekiljek bag nahallarydyr beýleki gözellik serişdeleri, Magtymguly Pyragynyň hem-de dünýä edebiýatynyň öňdebaryjy söz ussatlarynyň oturdyljak heýkelleri barada öz gymmatly belliklerini, pikirlerini paýlaşdy.
Gözel paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde bu desgany gurmak üçin 41 gektar ýer bölünip berildi. ”Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alişer Nowaýy ýaly meşhur şahsyýetleriň heýkelleri hem oturdyldy. Nusgawy şahyrymyzyň tebigy belentlikde gurlan ýadygärliginiň beýikligi 60 metre, onuň “Türkmeniň” goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan bentler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir.
17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de şahyryň ýadygärlikleriniň açylyş dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyz dabarada eden çykyşynda: “Magtymgulynyň eserleri dünýä edebiýatynyň, adamzat medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Söz ussadynyň dürdäne şygyrlaryny halk ýatdan öwrenipdir. Bagşy-sazandalarymyz onuň çuň many mazmunly goşgularyny aýdyma öwrüp, şu günlerimize ýetiripdirler. Hut şoňa görä-de,nusgawy türkmen şahyrynyň ýubleý toýy bu gün Ýer ýüzünde giňden toýlanýar” diýdi. Hormatly Prezidentimiziň öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşundysyndan:
Hormat goýýas päk ruhumyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne.
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.
diýen bendi okamaga ýöne ýere däl, çünki özi-de söz ussady bolan Gahryman Arkadagymyz bu şygyrynda akyldar şahyrymyza belent sarpasyny beýan edýär. Ýeri gelende aýtsak, şanly ýyl turuwbaşdan akyldar şahyryň hormatyna bagyşlanan tutumlar bilen badalga aldy. Şol sanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şahyryň hormatyna ýubileý medaly döredildi. Şahyryň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan güniniň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan edildi.
Bu gün türkmen Diýary Magtymgulynyň ady, şygry bilen dem alýar. Şahyryň hormatyna ýurdymyzyň obadyr şäherlerinde, edara-kärhanalarynda, bilim ojaklarynda aýdym-sazly dabaralar yzygiderli guralýar, söz ussadyna bagyşlap, şygyrlardyr kyssalar, kino we sahna eserleri döredilýär.
Taýýarlan: Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy M.Ýagmurowa