• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
ASTANABABA ÝADYGÄRLIGI

    Maý.30.2024

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň çäginde, Atamyrat şährinde 10-12 km uzaklykda ýerleşýän Astanababa binagärlik toplumynyň binýady XII asyrda desgalandyrylypdyr. Onuň iň gadymy ymaraty bolan metjit jaýy Beýik Seljuklaryň baştutanlygynda dörän türkmen-oguz döwletiniň düzüminde gülläp ösen döwründe bina edilipdir.

Toplum açyk dälizden, meýdançadan, portaldan, ýapyk dälizden, dört sütünli zaldan, metjitden, diwanahanadan, Zeýdalynyň we Zübeýdalynyň guburhanasyndan, üsti ýapyk geçelgeden we Gyzlarbibi guburhanasyndan ybaratdyr. Gyzlarbibi guburhanasy toplumyň has giçki bölegidir. Ol dürli ölçegdäki, ähtimal ilkinji gezek peýdalanylan kerpiçlerden bina edilipdir.

Ýadygärlik ençeme onýyllyklaryň dowamynda öwrenilip gelinýär. 1931-nji ýylda arheolog A.A.Maruşenko Astanababa binagärlik toplumyny Zemm şäheriniň IX-X asyrlardaky Juma metjidi bolandyr diýen çaklamany orta atypdy. 1948-nji ýylda bu ýerde M.Ý.Massonyň baştutanlygynda GTATE tarapyndan ylmy barlag işleri geçirilipdi, onuň düzüminde işlän binagär we sungaty öwreniji G.A.Pugaçenkowa ýadygärligi içgin öwrenip, şol bir wagtyň özünde binagärlik ölçeglerini hem geçiripdi. Ýygnalan maglumatlaryň esasynda bu ýadygärligiň dürli döwürlerde bina edilen aýry-aýry desgalardan düzülip, häzirki görnüşe eýe bolan özboluşly ajaýyp binagärlik toplumy emele gelendigi baradaky netijä gelindi.

Türkmenistanyň binagärliginiň taryhynda uly orny eýeleýän bu taryhy-medeni ýädygärliginde köp ýyllaryň dowamynda berkidiş we abadanlaşdyryş işleri amala aşyrylyp gelinýär. Bu işler Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan ýyllaryndan başlap hasam uly depginlere eýe boldy.

Ýadygärligiň töweregi haşal ot, ýandaklardan arassalanyp, böleklere bölünen ýarty kerpiçler bir ýere jemlendi. Olaryň içinden keramiki tapyndylar saýlanyp alyndy. Ýadygärligiň interýeri içgin öwrenilip, diwarlaryň ýüzünde emele gelen jaýryklaryň ulalýandygyny ýa-da şol bir ýagdaýda durandygyny anyklamak üçin bellenilen tertipde bellikler goýuldy we belli bir wagtdan soň hiç hili zyýanlykly özgerişiň ýoklugy anyklanyldy.

Ýadygärlikleriň gorag zolagynyň serhedini demir gözenekli diwar bilen aýlap ýapmaga welaýat häkimligi uly kömek berdi. Goraghananyň 1999-njy ýylyň ýazynda hut öz mümkinçilikleri bilen Astanababa binagärlik toplumynyň Gyzlarbibi guburhanasynyň düsegi bölekleýin sökülip, täzeden çäge ýazylyp, inedördül kerpiçler bilen abatlaşmak işleri geçirildi.

Taýýarlan: Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy B.Nažimadinowa