• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistan bilen Gazagystan transport we energetika pudaklaryndaky taslamalary maslahatlaşdy

    Iýul.19.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Energetika we ulag ulgamlaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we diplomat iki ýurduň tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlarynyň hem-de geografik aýratynlyklarynyň bu ugurlarda özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdylar.

Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Habaryň çeşmesi