• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Bolgariýada geçirilen matematika boýunça Halkara ders bäsleşiginde türkmen talyplary 14 sany medala eýe boldular

    Awgust.12.2024

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Bolgariýanyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen matematika boýunça 31-nji Halkara ders bäsleşigine gatnaşyp, 14 sany – 3 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç medala eýe boldular. Mundan başga-da, biziň toparymyzyň 8 agzasy höweslendirji hatlar bilen sylaglandylar.

Awgust aýynyň 5-11-i aralygynda talyplaryň arasynda geçirilen matematika boýunça ders bäsleşigine 59 ýurduň 78 ýokary okuw mekdeplerinden 400-den gowrak wekil gatnaşdy.

Dünýäniň matematika boýunça iň abraýly ýaryşlaryny biri hasaplanylýan IMC-2024 ýaryşynda biziň ýurdumyzyň adyndan – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary çykyş etdiler.

IMC-2023 ýaryşynda türkmen talyplary 8 medala eýe bolup, bu ýyl has ýokary netije görkezmegi başardylar.

Habaryň çeşmesi