• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýylynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

    Fewral.05.2025

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýylynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.Maslahatda çykyş edenler Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary Ýazmyradow Ýunus, Gurbanowa Merjen, “Jemgyýetçilik iýmit önümleriniň tehnologiýasy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aýlar Sylapberdiýewa çykyş etdiler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesi sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär. Türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirip, ak ýollara atarýan türkmen halkynyň MilliLideri Gahryman Arkafagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Habaryň çeşmesi