• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

    Oktýabr.15.2025

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat Halkara howa menzilinde «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, şu gün Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň «Daewoo» koreý kompaniýasy bilen ýola goýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Işewür bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge hemişe ygrarlydygyny aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda himiýa senagatynyň Türkmenistanyň depginli ösýän pudaklarynyň biridigini belläp, ýerli çig maly ulanmak arkaly milli ykdysadyýetiň pudaklary üçin, şeýle hem eksport ugurly önümleri öndürmegiň bu pudagy ösdürmegiň esasy strategiýasy bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany ýurtda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde iri önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

Işewür Türkmenistanda durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belläp, «Daewoo» koreý kompaniýasynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmagyna döredilýän amatly şertler bilen baglylykda hoşallygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow işewüre hem-de «Daewoo» koreý kompaniýasynyň ähli işgärlerine Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň taslamasyny amala aşyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Habaryň çeşmesi