• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň Stambuldaky täze Baş konsuly öz işine girişdi

    Oktýabr.16.2025

Şu gün Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly (Stambul şäheri) Öwezgeldi Jumanazarow Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça Baş müdirliginiň direktory Gülsun Erkula Konsullyk patentini gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara bähbitli gatnaşyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Şeýle-de diplomatlar geljekde hem iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny nygtadylar.

Habaryň çeşmesi