• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna bardy.

    Noýabr.24.2025

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna bardy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary mynasybetli Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Gazagystan Respublikasynyň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, ertir ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.

Döwlet Baştutany 2022-nji ýylyň oktýabrynda hem bu dostlukly ýurda döwlet saparyny amala aşyrypdy.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 33 ýyl doldy. Şu geçen döwrüň dowamynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürildi. Ýokary döwlet derejesinde işjeň syýasy gatnaşyklar alnyp barylýar, ýurtlar BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldap çykyş edýärler. Şu gezekki sapar ýylyň dowamynda döwlet Baştutanynyň doganlyk ýurda amala aşyrýan saparlarynyň üçünjisidir. Ozal döwlet Baştutany şu ýylyň maý-iýun aýlarynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» we «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitlerine gatnaşypdy. Nobatdaky döwlet sapary bolsa köpugurly strategik hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge ýardam eder.

Habaryň çeşmesi