• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Hyrat şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.

    Noýabr.20.2025

20-nji noýabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynsybetli Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygy «Arg» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda dabaraly çäre geçirdi.

Çärä Hyrat welaýatynyň häkimi, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň wekilleri, Hyratdaky konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Hyrat we Bathyz welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ähmiýeti barada bellenip geçildi.

Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi ösdürmäge, dostlukly, ynanyşykly we nitejeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny öňe sürmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant goşýandygy barada aýdyldy.

Mundan başga-da, çäräniň çäklerinde Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp görkezilen wideorolikler hem-de türkmen halkynyň baý medeni mirasyny tanyşdyrýan sergi gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Habaryň çeşmesi