
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» Milli hödürnamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilmegi mynasybetli köpsanly gutlag hatlary gelip gowuşýar.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hatlarda türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda döreden gymmatlyklarynyň hatarynda behişdi ahalteke bedewleri, ajaýyp halylary bilen bir hatarda türkmen alabaýynyň aýratyn orny eýeleýändigi, alabaý itleriniň gaýduwsyzlygy, wepalylygy, çydamlylygy bilen tapawutlanýandygy buýsanç bilen bellenilýär.
Türkmenistanyň Prezidentine buýsandyryjy waka mynasybetli Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler. Ýurduň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gutladylar. Mundan başga-da, döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.