
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Döwlet Baştutany gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, rowaçlygyň we gülläp ösüşiň ýolunda umumy maksatlara ýetmäge esaslanýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, onuň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, Bahreýn Patyşalygynyň halkyna bolsa gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.