• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Ýaş diplomatlar «Diplomatik protokol» atly okuw merkezinde ýöriteleşdirilen hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçerler.

    Ýanwar.17.2026

Ozal habar berşimiz ýaly, 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň protokol gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Diplomatik gulluk hakynda we Döwlet protokoly hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň esasynda protokol işini kämilleşdirmek maksady bilen birnäçe teklipleri beýan etdi. Bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň diplomatik gullugy ulgamynyň ýaş işgärleriniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän «Diplomatik protokol» atly okuw merkezinde ýöriteleşdirilen hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçmekleri teklip edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň protokol gullugy işgärlerini özara tejribe alyşmak maksady bilen daşary ýurtlara guralýan okuwlara ibermek, şonuň ýaly-da, bu ugurdaky hünärmenleri gysga möhletli okuwlary geçirmek üçin ýurda çagyrmaklyk teklip edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň protokol gullugynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Habaryň çeşmesi