• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Eýranyň «Rona» gämisiniň ähli ekipaž agzalarynyň ýagdaýy gowy – Eýranyň ilçihanasy.

    Ýanwar.17.2026

Hazar deňzinde heläkçilige uçran Eýranyň «Rona» ýük gämisiniň ekipažybgň 14 sany agzasynyň ählisi Türkmenistanyň Hökümetiniň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde wagtynda halas edildi. Häzirki wagtda olaryň saglyk ýagdaýlary örän gowy. Bu barada Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, 14-nji ýanwarda ýurduň kenarýaka gulluklary Hazar deňzinde heläkçilige uçran Eýranyň «Rona» ýük gämisinden SOS duýduryş signalyny aldylar.

Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak boýunça jogapkär döwlet edaralary gämi gatnawyny düzgünleşdirýän halkara kadalara laýyklykda, adamlary halas etmek üçin ähli zerur çäreleri gördi. Dessine amala aşyrylan çäreleriň netijesinde gämide bolan 14 adamyň ählisi halas edildi.

Habaryň çeşmesi