
Russiýa we Türkmenistan deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan berk gatnaşyklary saklaýarlar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin RF-niň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen dabaraly kabul edişlikde mälim etdi.
«Russiýanyň daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda — Merkezi Aziýa döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak, sebitde durnukly parahatçylygy we durnuklylygy saklamak möhüm orun eýeleýär. Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan berk gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr» diýip, diplomat belledi.
I.Wolynkin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine berýän ünsi we goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle-de ilçi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň DIM-ine ýakyndan hyzmatdaşlyk we yzygiderli goldaw üçin sagbolsun aýtdy. Ol 18-nji fewralda türkmen diplomatlarynyň hem öz hünär baýramyny bellejekdiklerini ýatlatdy.
«Öňümizde köp sanly gyzykly wakalaryň we taslamalaryň garaşýandygyna ynanýaryn. Biziň agzybir işgärler toparymyz Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy, şeýle hem iki döwletiň doganlyk halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dostlugy pugtalandyrmaga ýardam berip, mundan beýläk-de uly yhlas bilen zähmet çeker» diýip, I.Wolynkin nygtady.
Russiýanyň Diplomatik işgärleriniň güni 10-njy fewralda bellenilip geçilýär.