• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
1-nji ýyl talyp gyzlarynyň arasynda “Talyp gözeli 2026” bäsleşigi.

    Mart.07.2026

Talyplaryň öz saýlap alan hünärine bolan söýgüsini artyrmak,olaryň arasynda ökde we iň zehinlilerini ýüze çykarmak we hünär ussatlygyny terbiýelemekden ybaratdyr. “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at myradyň mekany” ýylynda milli gylyk häsiýetlerini özünde jemleýän,Watana, il-güne,maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer,mähir muhabbetini, söýgüsini nesil terbiýesini bagyş edýän güler ýüzli mylaýym sözli çeper elli talyp gyzlarymyzy saýlap seçmekden ybaratdyr.

Bäsleşige derýaçylyk orta hünär okuw medebiniň talyp gyzlarymyzdan

101-nji okuw toparynyň, “Kompýuter ulgamlarynda programmirlemek” hünäriniň talyby Döwranowa Gülnura

102-nji okuw toparynyň, “Ykdysadyýet we sanly maglumat” hünäriniň talyby Kerimowa Şükürjan

103-nji okuw toparynyň, “Logistikada operasion işi” hünärini talyby Atamyradowa Aýbölek gatnaşdylar.

Talyp gyzlarymyz özleriniň gujur-gaýratyny, başarnygyny, erjelligini we gadymdan gelýän ene- mamalarymyzdan galan milli mirasymyzy görkezdiler .Mundan başgada Milli liderimiziň talyp ýaşlara peşgeş beren kitaplaryndan ugur alyp edebi sazly kompozisiýa ýerine ýetirdiler hem-de Ene hakynda enä bolan çäksiz söýgisini beýan edip sahna oýnadylar .Bahar bilen bile bäsleşýän talyp gyzlarymyz özleriniň çeper ellerinden gelýän nepisden nepis el işlerini görkezdiler Talyp gözeli 2026 bäsleşigimizde gyzlarymyz biri birinden ökde çykyş etdiler we gyzlarymyz baýrakly orunlara eýe boldular.

1 nji orna: 102-nji okuw toparynyň, “Ykdysadyýet we sanly maglumat” hünäriniň talyby Kerimowa Şükürjan

2 nji orna: 101- nji okuw toparynyň, “Kompýuter ulgamlarynda programmirlemek” hünäriniň talyby Döwranowa Gülnura

3 nji orna: 103- nji okuw toparynyň, “Logistikada operasion işi” hünärini talyby Atamyradowa Aýbölek

Talyp ýaşlarymyz öz gezeginde okamaga, öwrenmäge we döretmage birnäçe mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza Arkadagly gahryman Serdarymyza öz alkyşlaryny aýtdylar